“Dowamat” Hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylyň 27-nji sentýabrnda Gurbangeldiýew Allaguly Awliýaesenowiçiň 1 belgili teswirnamasy esasynda döredildi hem-de Türkmenistanyň Ykdysatdyýet we ösüş ministrliginiň edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak Müdirligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda 13944591 sanaw belgisi bilen hasaba alyndy Hukuk salgysynyň üýtgemegi sebäpli 2014-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda 23957901 sanaw belgisi bilen gaýtadan hasaba alyndy. Kärhana Gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýär.
“Dowamat” Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 07.08.2013 senedäki №13158 «Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda 12 gatly 66 öýli 1-nji gaty dükanly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek we onyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak» karary esasynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşdy.Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär.